Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu döredijilik bäsleşigi şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi. Ak mermerli paýtagtymyz baradaky fotosuratlar, wideoşekiller hem-de makalalar tele we radioýaýlymlarda, internet saýtlarynda ýerleşdirildi, olary ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden çap etmek boýunça işler alnyp baryldy.
Eminler bäsleşigiň ýeňijileriniň bäşisini kesgitledi. Aşgabadyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän iň oňat makalalar tapgyrynda Döwlet, hukuk we demokratik institutynyň ylmy işgäri A.Işbaýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň energetikleriň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň utgaşdyryjysy, geňeşiň başlygy J.Garajaýew, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň uly mugallymy A.Orazow ýeňiji boldular. Ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän iň oňat goşgular tapgyrynda Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň hünärmeni A.Rejebow ýeňiji boldy, häzirki zaman şäheri we onuň taryhyny beýan edýän iň oňat fotosuratlar hökmünde “Aşgabat” gazetiniň fotohabarçysy A.Müllikowyň işleri saýlanyp alyndy.