Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymy «Nasaf» ― «Altyn asyr» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görekezer

00:2120.05.2021
0
7867

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy ― 2021-iň çäginde şu gün Özbegistanyň «Nasaf» topary bilen geçirjek duşuşygy Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp görkeziler. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýty habar berýär.

Göni ýaýlymyň Aşgabat wagty bilen 16:50-de başlanjakdygyny habar berýäris.

Türkmenistanly futbol janköýerlerine bu duşuşyga IPTV arkaly hem tomaşa edip biljekdigini ýatladýarys.

«Altyn asyry» bu duşuşykda diňe ýeňiş kanagatlandyrýar. Gazanyljak ýeňiş Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine 7 utuk bilen sebitleýin finala çykmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň