Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5519.05.2021
0
6466

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Has takygy, mejlisde

― Aşgabadyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk;

― mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine, şol bir wagtyň özünde “Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk işleri;

― Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;

― ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň