Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Adam hukuklary boýunça bäş ýyllyk meýilnama bagyşlanan maslahat geçirildi

21:0119.05.2021
0
8450

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar, şonuň ýaly-da Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy gatnaşdylar.

Maslahata halkara guramalarynyň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmenistanlylaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegi hem-de milli kanunçylygyň umumy kabul edilen halkara namalaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginiň hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” şygarynda öz beýanyny tapan oňyn özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellediler.

Şu ýylyň 16-njy aprelinde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Resminama 2016-2020-nji ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen şunuň ýaly meýilnamanyň dowam bolup, ýurdumyzda adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak hem-de bu ulgamdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Milli hereketleriň meýilnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ugruň Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigi nygtaldy.

Şunda ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara borçnamalaryny hemmetaraplaýyn we gyşarnyksyz ýerine ýetirýän, BMG-niň Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda beýan edilen hem-de adamyň, milletleriň we halkyýetleriň hukuklaryny üpjün etmäge hem-de goramaga gönükdirilen esasy ýörelgelerini özünde jemleýän döwlet hökmünde ykrar edilendigi aýdyldy.

Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan esasy Konwensiýalara hem-de halkara hukuk resminamalaryna goşuldy. Şolaryň köpüsi döwrüň möhüm ynsanperwer meseleleri bilen baglanyşyklydyr.

Şolaryň hatarynda Raýat hem-de syýasy hukuklar hakyndaky halkara resminamasy, Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky halkara resminamasyna Ikinji fakultatiw teswirnama, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara resminama, jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini, zenanlar babatynda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek, çaganyň hukuklary hakyndaky, maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýalar we beýlekiler bar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, milli kanunçylyk hukuk binýadyny umumy kabul edilen ülňülere hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmen halkynyň belent ynsanperwer ýörelgeleri, onuň gadymdan gelýän demokratik däpleri hem-de umumadamzat gymmatlyklary şolaryň özenini düzýär.

BMG-niň binýatlaýyn konwensiýalaryny hem-de beýleki köpugurly umumy kabul edilen namalaryny berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ädimleri ädýär. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasyndaky öňe süren orny hem şaýatlyk edýär. Şonda ynsanperwer ulgam netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, bu resminamada Aşgabatda BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebit edarasynyň mandatyny döretmek, şonuň ýaly-da, Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagy geljegi uly wezipeleriň hatarynda nygtaldy. Hereketleriň milli meýilnamasynda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň milli institutyny ösdürmäge hem-de onuň abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn orun degişlidir.

Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň dünýädäki işjeň ornuna, şonuň ýaly-da, hökümetiň Adam hukuklaryny üpjün etmek ulgamyndaky tagallalaryna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyklary, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini we wajypdygyny bellediler.

Forumda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan Hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, döwlet guramalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny durmuşa geçirmek we bu ugurdaky halkara namalarynyň kadalaryny ornaşdyrmak, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini ulanmak boýunça işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Ilatyň hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak, degişli maglumatlaryň ählisine elýeterliligi giňeltmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Bu bolsa adam hukuklaryna goldaw bermek boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmaga hem-de olary halkara ülňülerine laýyklykda goramaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG hem-de onuň düzümleýin bölümleri, ÝHHG we beýlekiler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň