Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Aşgabatdaky Döwlet baýdagyna gül goýdy

23:5618.05.2021
0
5616

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasyndaky Döwlet baýdagymyza gül goýmak çärelerine gatnaşdy.

Bu ýerde dünýäde iň uzyn sütünleriň biri — 133 metrlik baýdak sütüni ýerleşip, onda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.

Döwlet Baştutanynyň awtoulagy baýdak sütüniniň öňündäki meýdança gelip saklanýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belent baýdak sütüniniň etegine gül çemenini goýýar. Döwlet Baştutanynyň yz ýany bilen bu ýere dabara gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň