Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi 68 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

23:4418.05.2021
0
3883

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynda gazanylan derejä ýokary baha bermek bilen, Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň däbe öwrülen doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösüşine uly goşandyny aýratyn belledi.

Biz, öz nobatymyzda, Gazagystan bilen özara gatnaşyklary giňeltmegi, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ygtybarly gatnaşyklary ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi ugur edinýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda taraplar häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Munuň özi, bir tarapdan, diýseň guwandyrýar, beýleki tarapdan bolsa, täze üstünliklere giň ýol açýar.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary döwletara gatnaşyklara täze güýç hem-de many-mazmun taýdan özara gyzyklanmalary tassyklamak bilen, bilelikdäki tagallalar netijesinde, doganlyk gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine sazlaşykly ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň