Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew: «Duşuşygyň ýeňil bolmajakdygyny bilýärdik, ýöne beýle hasaba-da garaşmandyk»

01:0018.05.2021
1
1474

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde geçirilen «Alaý» ― «Altyn asyr» (4:5) duşuşygyndan soňra metbugat maslahaty boldy. Onda «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew we duşuşygyň iň gowy oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

«Bu günki oýnuň ýeňil düşmejekdigini bilýärdik. Ýöne edil beýle hasaba garaşmandyk. Esasy zat, ýeňiş gazandyk. Maksadymyz 3 utukdy, oňa ýetdik. Indi nobatdaky duşuşyk barada oýlanyp başlarys.

Uly hasap bilen ýeňip gelýärkäk, bu üstünligi saklamak gerekdi. Tersine, garşydaşlarymyz hasaby deňlemäge çenli geldiler. Her niçik hem bolsa ýeňiş bizlik boldy. Geçiren oýunçy çalşyklarymyz hem oýnuň gidişine täsirini ýetirdi.

Biz indiki garşyaşymyzyň ― «Nasafyň» güýjüne belet. Her garşydaş üçin meýilleşdiren oýnumyz bar. Muňa futbolçylar hem düşünýär.

Bu gezek hem resmi duşuşyklaryň ýetmezçiligi bildirdi. Üstesine ýaryşa gatnaşjakdygymyz hem soňky pursatlarda belli boldy. Elbetde, onuňam täsiri bar» diýip, Ýazguly Hojageldiýew geçen duşuşyk barada pikir etdi.

Altymyrat Annadurdyýew bolsa özleriniň esasy maksady bolan ýeňşe ýetendiklerini aýdyp, indi ähli ünsi «Nasaf» bilen boljak duşuşyga gönükdirjekdiklerine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň