Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri “Mi-17-1W” kysymly dikuçarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar

23:4817.05.2021
0
10040

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow türkmen döwletinniň Lideri bilen bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziline baryp gördi.

Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin niýetlenen “Mi-17-1W” kysymly dikuçarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Iki döwletiň Baştutanlary dikuçara münýärler. Dikuçar öndürýän zawodyň wekili täze köpugurly howa gämisiniň tehniki hem-de hereket ediş häsiýetnamalary, enjamlaşdyrylyşy barada gürrüň berdi. Lukmançylyk dikuçary ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda monitor-defibrillýatorlar, drenaž aspiratory, öýken emeli howa enjamlary, elektrokardiograf we beýlekiler bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, infuzion erginlerini saklamak üçin ýylylyk geçirmeýän konteýner, wakuumly immobilizasiýa düşekleri, intubasiýa üçin enjamlar toplumy, ulular we çagalar üçin boýun-oňurga fiksatory, wakuum fiksatory, beýleki ugurdaş gurallar, ýanyga garşy serişdeler bar.

Lukmanlaryň ygtyýaryna gelip gowşan «Mi-17-1W» dikuçarlary ilata gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge, heläkçilik çekenleri, näsaglary, şol sanda agyr hassalary getirmäge niýetlenendir.

Şu kysymly dikuçarlaryň köptaraply häsiýete eýedigini bellemek gerek. Olar lukmançylyk maksatlary bilen bir hatarda, ýolagçylary gatnatmak, ýük daşamak, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek, halas ediş çäreleri, ýangynlary öçürmek işlerinde ulanylyp bilinýär.

Türkmenistan bilen Kazanyň dikuçar zawodynyň arasynda hyzmatdaşlyk 2008-nji ýyldan bäri dowam edýär. Şu döwürde ýurdumyz birnäçe dikuçarlary satyn aldy. Hususan-da, «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» paýdarlar jemgyýeti bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň çäklerinde, lukmançylyk maksatly «Ansat» dikuçarlary Türkmenistana getirildi.

«Mi-17-1W» dikuçary ýaly, bu dikuçar hem tiz lukmançylyk kömegini bermäge, näsaglary ýöriteleşdirilen hassahanalara gyssagly getirmek üçin niýetlenildi. Ol hem häzirki zaman anyklaýyş we beýleki enjamlar, näsaglaryň ýagdaýyny görkezýän monitorlar bilen üpjün edildi. Onda şikes alan raýatlara ýerinde gyssagly lukmançylyk kömegini bermek we beýleki zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi.

Lukmançylyk maksatly dikuçar öýkeniň emeli howalandyryjy abzaly, Сorpuls-3 GS013 monitorlaşdyryş we defibrilýasiýa ulgamy, Сompaсt S perfuzorlary, infuziomat FMS, drenažly aspirator, PM-60 pulsoksimetr, Aссu-Сhek Performa glýukometri, ýanyga garşy STS toplumy we beýleki enjamlar bilen üpjün edilendir. Derman we sarp edilýän serişdeler, adamyň oňurgasyna, boýnuna we eline, aýagyna şikes ýetende ulanylýan dürli görnüşli seýikler, ýöriteleşdirilen näsag göteriji zemmer üçin ýörite gutular bar.

“Ansat” dikuçary çylşyrymly şertlerde gyssagly wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu bolsa lukmanlaryň wagt ýitirmän, näsaglara degişli kömek bermegine mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň