Soňky habarlar

Arhiw

lon Maskyň sözlerinden soň bitkoiniň bahasy 44 müň dollara düşdi

15:3017.05.2021
0
6941

Ilon Maskyň sözleri kriptowalýuta şeýle bir täsirini ýetirýär welin, oturyp-oturyp haýran galmakdan başga diýere söz tapaňok. Biler bolsaňyz, onuň paýlaşan täze twitinden soň bitkoioniň bahasy 44 müň dollara çenli pese gaçdy.

«3dnews.ru» saýtynyň habar berşi ýaly, munuň sebäbi dünýäniň iň baý adamynyň «Twitterdäki» pikiridir. Onda «Teslanyň» bitkoin söwdasyndan ýüz öwürmegi kriptowalýutanyň ýüzüne çalnan şarpyk hapalanylýar.

Şol sözler bitkoiniň bahasyny ozalkysyndan 8 göterim dagy peseltdi. Ýadyňyzda bolsa, «Tesla» kompaniýasy ýakynda elektrikli ulaglaryny bitkoine satmakdan ýüz öwrüpdi. Şeýlelikde, kriptowalýuta diňe soňky hepdede ozalkysyndan 21 göterime çenli peseldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň