Arhiw

Aşgabatdaky koworking merkezi «Biznes nokady» maksatnamasyna girişdi

11:2517.05.2021
0
11260

Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkezi «Biznes nokady» atly täze bir taslamany durmuşa geçirýär.

Bu taslama arkaly üstünlikli işleýän hususyýetçileri birleşdirýän klub döretmek meýilleşdirilýär.

«Biznes nokady»:

  • Pikir babatynda biri-birine ýakyn işewürleriň hyzmatdaşlygyna ýardam berýän, şol hyzmatdaşlygyň netijesinde hem Türkmenistanda hususyýetçiligi ösdürmäge goşant goşýan;
  • Konstruktiw aragatnaşyk, bilelikdäki taslamalary döretmek, işewürligi ösdürmegiň strategiýalary we olary durmuşa geçirmek ýaly işleri özünde jemleýän;
  • Her bir adamyň telekeçilik durmuşy döredijilik, güýmenje, sport we syýahat bilen birleşdirilen ýer.

Bu biznes kluby ýapyk jemgyýetdir. Onuň hyzmatdaşy bolmak üçin @biznesnokady bilen habarlaşmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň