AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew: «Ertirki oýunlar köp zady kesgitlär»

23:4516.05.2021
0
918

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçalaýyn tapgyryndaky ikinji duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew we kapitan Ahmet Ataýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― Öňdäki duşuşyk baradaky umumy pikirleriňizi beýan edýärseňiz.

― Birinji duşuşykda 2 utuk ýitirdik. Indi beýle ýitgä ýol berip bilmeris. Ýeňiş gazanyp, toparçadaky ýagdaýymyzy gowulaşdyrmak gerek.

― Birinji tapgyrda iki futbolçyňyz oýundan çykaryldy. Häzir toparyň ýagdaýy nähili? Eger beýle ýagdaý ikinji oýunda hem gaýtalanaýsa, «Nasaf» bilen boljak duşuşyk sizi has çynlakaý pikirlendirip biler.

― (gülýär) Ýok, beýle bolmasa gerek. Dogry, futbolda her dürli ýagdaý bolup biler. Ýöne bu gün başga oýny orta goýarys. Ähli zat gowy bolar diýip umyt edýärin.

― Birinji tapgyrda «Hujand» bilen deňme-deň oýnadyňyz. Düzümi täzelenen topardan şeýle güýçli garşylyga garaşýardyňyzmy?
― Elbetde, garaşýardyk. Çünki «Hujand» häzir Täjigistanyň çempionatynda hem duşuşyklary geçirýär. Bizde bolsa heniz resmi duşuşyklardaky tejribe ýetmezçilik edýär. Ertir has gowy oýnap, geçen oýundaky ýalňyşlyklarymyzy goýbermeris diýip tama edýän.

― Siziň pikiriňizçe, haýsy topar toparçanyň ýeňijisi bolmaga has ýakyn?

― Olaryň hiç birini hem aýratyn öňe çykaryp bilmen. Sebäbi edil häzir hatda «Alaýda» hem indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik bar. Ýöne ertirki duşuşyklardan soň köp zat aýdyňlaşyp biler.

― Birinji tapgyrdaky deňlik haýsy topar üçin bähbitli boldy?

― Ol hiç bir topar üçin ýitgi bolmady. Sebäbi, iň bolmanda, 1 utuk gazanyldy. Galan duşuşyklarda biz hem, «Hujandam» iki ýeňiş gazanyp bilsek, toparçanyň ýeňijisi bolup bileris.

Islendik ýaryşda-da ilkinji duşuşyk ýeňil düşenok. Soň bolsa oýundan oýuna ähli zat sazlaşyp gidýär. «Hujand» bilen deňligi adatdan daşary ýagdaý hasaplap bolmaz. Çünki bu topar bilen geçen ýyllarda hem deňme-deň tamamlanan duşuşyklarymyz bar. Onsoň hem ýer eýeleri bilen oýnamak hemişe kyn. Hiç kim utuk ýitirmek islänok. Emma alnan netije bilen hem ylalaşmak gerek.

Metbugat maslahatynda «Altyn asyryň» kapitany Ahmet Ataýew hem öz pikirlerini beýan etdi:

― Ertir ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen oýnarys. Dartgynly oýun bolar. Ýeňiş gazanyp, ähli türkmenistanlylary begendirmek isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň