Soňky habarlar

Arhiw

«Lenowo» üç enjama birikdirip bolýan syçanjygy öndürdi

10:1216.05.2021
0
4466

Bir syçanjyk bir kompýuterde dünýäniň işini edip bilýär. Ýöne «Lenowo» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan syçanjyk bilen birbada üç kompýuteri dolandyryp bolar.

«Ferra.ru» bu barada «ol birbada köp işi etmeli bolýan adamlara niýetlenen» diýip ýazýar.

Täze syçanjyk «Lenovo Go» toplumynyň bir agzasydyr. esbaplarynyň bir bölegidir. «Lenovo Go» simsiz syçanjygy «Bluetooth» we «USB Type-C» porty arkaly birnäçe enjama birigip bilýär.

Kompaniýanyň habaryna görä, şeýle syçan bir gezeklik zarýad bilen iki aýa çenli işläp biler. Ol 1,5 sagatda doly kuwwatlanýar. Täze önümiň bahasy 90 dollar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň