Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Annaýew 4-nji, Tagaýew ilkinji hem ikinji pökgüsini geçirdi

16:1615.05.2021
0
2132
AFK-nyň kubogy ― 2021: Annaýew 4-nji, Tagaýew ilkinji hem ikinji pökgüsini geçirdi

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynyň AFK-nyň kubogy ― 2021-däki ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň «Rawşanyny» 3:1 hasabynda ýeňendigini habar beripdik. Bu duşuşykda türkmen toparynyň gollaryny Elman Tagaýew (2) we Gurban Annaýew geçirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde diýseň üstünlikli çykyş eden ýarym goragçy Elman Tagaýew yklym ýaryşyndaky ilkinji we ikinji pökgüsini geçirdi. Gurban Annaýew bolsa ýaryşdaky gollarynyň sanyny 4-e çykardy. Bu netije bilen, Gurban Annaýew yklym ýaryşynda iň kän tapawutlanan türkmenistanly futbolçylaryň arasynda ilkinji 10-luga girdi.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň kubogynda biziň ildeşlerimiziň 42-si tapawutlandy. 20 pökgi geçiren «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew olaryň başyny çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň