Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» ― ýaryşa iň kän gatnaşan türkmen topary

15:5115.05.2021
0
826

Aşgabadyň «Altyna asyr» futbol topary şu ýyl taryhynda altynjy gezek AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. Bu bolsa türkmen toparlarynyň arasyndaky rekord derejedir.

Ýeri gelende aýtsak, yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna henize çenli 6 toparymyz gatnaşdy. Beýleki bäş topardan «Altyn asyra» iň ýakyny «Nebitçidir». Balkanabat şäheriniň topary yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna jemi 5 gezek gatnaşdy. Öňdäki üçlügi yklym ýaryşyndaky dördünji möwsümi bilen «Ahal» jemleýär.

«Altyn asyryň» 2018-nji ýylda yklym ýaryşynyň finalyna çenli baryp ýetendigini ýatladýarys. Häzir hem toparçanyň liderliginiň esasy dalaşgäri hökünde görkezilýän-de bolsa, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň «Hujandy» bilen 2:2 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. «Aragatnaşykçylar» 17-nji maýda «Alaý», 20-nji maýda «Nasaf» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň