Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: pökgi gatnaşygy ýakynlaşýar

15:3615.05.2021
0
708

AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşyna Türkmenistandan dürli ýyllarda gatnaşan toparlarymyz bilen garşydaş toparlaryň arasynda geçirilen duşuşyklarda pökgi gatnaşyklarynda bary-ýogy 10 pökgülik tapawut galdy.

Yklym ýaryşynyň çäginde düýnki geçirilen «Altyn asyr» ― «Hujand» (2:2) we «Ahal» ― «Rawşan» (3:1) duşuşyklaryndan soňra biziň toparlarymyzyň garşydaş derwezelere geçiren pökgüleriniň sany 131-e çykdy. Olar bolsa ýaryşyň taryhynda biziň toparlarymyza 141 pökgi geçirdiler.

Ýeri gelende aýtsak, yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna Türkmenistandan 6 topar gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň