Awazada dynç aljaklar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýlar

14:4715.05.2021
0
1220

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan 1-nji iýundan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin goşmaça gatnawlar ýola goýlar. Bu barada agentligiň başlygy D.Saburow Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adaty daşary toparyň mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Şeýle hem agentligiň başlygy häzirki döwürde emele gelen ýagdaý we dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli çäreler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan gelip-gidýän ýolagçylaryň ählisi yzygiderli barlagdan geçirilýär hem-de ekipaž agzalaryna öňüni alyş sanjymlary edilýär.

Şeýle hem ýolagçylaryň ulanmagy üçin howa menzilleriniň ähli zallary gorag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli çäreleri görýändigini, şunuň bilen birlikde, raýat awiasiýasynyň işiniň täze şertlere uýgunlaşmagynyň netijeli usullaryny tapmagyň wajypdygyny belledi.

Howa menzillerini has netijeli ulanmak, öz wagtynda arassaçylyk we öňüni alyş işlerini guramak, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini geçirmek, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çäreleri görmek zerurdyr diýip, milletiň Lideri nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly işler arkaly bu ählumumy howpa garşy göreşmekde oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň