Soňky habarlar

Arhiw

Milli Geňeşiň Mejlisi ýubileý medalyny döretmek meselesine sereder

14:0215.05.2021
0
631

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ýubileý medalyny döretmek meselesine serediler. Bu barada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awazada geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şeýle hem nobatdaky maslahatyň barşynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat institutlaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işiň örän wajypdygyny belledi. Milletiň Lideri Milli Geňeşiň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilmelidigini aýdyp, halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň durmuş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň