Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaralar geçiriler

11:2815.05.2021
0
1418

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Awazada geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi, şolarda halkymyzyň däp-dessurlary, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde häzirki döwürde gazanan üstünlikleri beýanyny tapar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çuňňur watançylyk häsiýetli bu baýramyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda geçirilip, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik, dostanalyk, myhmansöýerlik däpleriniň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady hem-de wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň