Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

10:5015.05.2021
0
1198

«Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda» meýilnama laýyklykda, 24 ― 25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly sergisi hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzy ösdürmek ugrunda işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ozal hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ylalaşykly işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany öňde boljak senäniň — Aşgabadyň 140 ýyllygynyň möhüm ähmiýetini belläp, şanly senä gabatlanan ähli çäreleri iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Bu ähli çäreler, ilkinji nobatda, «Ak şäherim Aşgabat» atly her ýyl geçirilýän köpugurly sergi giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklerini, paýtagtymyzy ýaşamak üçin dünýäniň iň owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleri aýdyň görkezmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň