Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

23:4913.05.2021
0
5432

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini sala-salşyklaryň üstünlikli geçirilmegi we täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlap, Esasy Kanunyň Gyrgyzystanyň mundan beýläk-de ösmeginde ygtybarly binýat boljakdygyny hem-de gyrgyz halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň barha ösýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyza köp ulgamlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesini gazanmagy başardandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de okgunly ösýändigini aýdyp, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça-da pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri iki döwletiň mizemez dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň