«Ak Tam Bazary» SMM dolandyryjy gözleýär

10:5013.05.2021
0
5255

«Ak Tam Bazary» taslamasy SMM dolandyryjysy wezipesine işgär gözleýär. Täze işgärden aşakdaky talaplar bildiriler:

  • Instagram hasabyny ýöretmek;
  • tematiki wideo düşürmek we olara gatnaşmak;
  • blogerler bilen özara gatnaşyk.

Bu wezipä dalaşgärler:

1. Ýakymly daş keşpli, 18 ― 27 ýaş aralygyndaky gyz maşgala;
2. Rus dilini gowy bilýän, sowatly gürläp we ýazyp bilýän bolmaly.

Türkmen dilini bilmek, adamlar bilen gowy gatnaşyk, erbet endikleriniň bolmazlygy, hoşniýetlilik olaryň goşmaça artykmaçlyklary bolar.

Iş wagty: 9:00 ― 18:00, şenbe: 9:00 ― 13:00.

Aýlyk zähmet haky: 1500 manat.

Döwrebap iş mümkinçilikleri we nahar bilen üpjün edilýär.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler office@aktam.info elektron salgysyna maglumatlaryny ugradyp biler.

Has giňişleýin maglumat üçin (+993 65) 62 62 71 belgä jaň ediň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň