Arhiw

Italiýada pissa taýýarlaýan enjam peýda boldy

18:1612.05.2021
0
3385
Italiýada pissa taýýarlaýan enjam peýda boldy

Pissanyň watanynda bu tagamy awtomatik ýagdaýda öndüriji enjam hem peýda boldy. Şeýlelikde, dünýädäki ilkinji «Pizza Mr.Go.Pizza» Rimdäki Bolonýa meýdançasynda oturdyldy.

Bu täsin enjam, müşderiniň islegi boýunça bary-ýogy 3 minutda gyzgyn pissany taýýarlamaga ukyply. Ol gazly suw enjamyna çalymdaş. Aslynda bolsa, hemmeleriň halaýan tagamynyň kinniwanja ussahanasydyr.

Şübheleri ýok etmek üçin döredijiler ýörite torda aşpez robotyň pissa taýýarlaýan pursatlarynyň wideogörnüşlerini ýerleşdirdiler.

Müşderiler pissanyň iň meşhur görnüşlerinden «Margaritany», «4 peýnirlini», «Şeýtan pissany» we «Pancettany» sargap bilerler. Özem aşpez robotyň taýýarlaýan pissasy şäheriň başga ýerlerinde taýýarlanylýan şeýle tagamdan 2 esse arzan.

Şeýle-de bolsa, oýlap tapyşyň ähli artykmaçlyklaryna garamazdan, italýanlaryň köpüsi bu täzelige gaty şübheli garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň