Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk güýçlendiriler

18:1212.05.2021
0
7985

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnord uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen wideoduşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» eýran çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Duşuşyga Milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maral Kulyýewa, Bojnord uniwersitetiniň rektory Ahmad Mohaghar, şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdy.

Eýran tarapy iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ylym we bilim taslamalary boýunça bilelikde amala aşyryp boljak işler baradaky teklipleri hödürledi.

TMDDI-niň rektory hem öz gezeginde institutyň ylmy we bilim işleri barada gürrüň berip, halkara hyzmatdaşlygy işjeň derejede ösdürmäge meýillidiklerini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdebinde pars dili we edebiýaty hem öwredilýär.

Şunuň bilen baglylykda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, hususan-da, edebi mirasy öwrenmäge we gorap saklamaga gönükdirilen bilelikdäki forumlary we gözleg işlerini geçirmek baradaky teklipler orta atyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň