Hindistanly iki ýaşlyja oglanjyk Aarýawaana Joşi dünýädäki iň kiçi zehinli çaga hökmünde ykrar edildi we rekordy täzeledi

17:5312.05.2021
0
12878
Hindistanly iki ýaşlyja oglanjyk Aarýawaana Joşi dünýädäki iň kiçi zehinli çaga hökmünde ykrar edildi we rekordy täzeledi

«Rambleriň» berýän maglumatlaryna görä, ol himiki elementleriň 20-sini, miweli ösümlikleriň 31-sini, haýwanlaryň 30-syny (şol sanda 16-sy guş), adam synasynyň 30 agzasyny biri-birinden tapawutlandyryp we atlandyryp bilýär.

Mundan başga-da, ýaş zehin Gün ulgamynyň ähli planetalaryna at bermegi, geometrik şekilleri tanap, olary çyzmagy, 2 minutda meňzeş jisimleriň 25-sini biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýar.

Iň ýaş zehine degişli rekordyň mundan ozalky eýesiniň dört ýaşy bardy. Iki ýaşly hindistanly oglanjygyň bu başarnygy baradaky habarlar dünýäniň 130 döwletinde paýlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň