«Ak Tam Bazary» täze hyzmatdaşlary bilen tanyşdyrýar

16:0112.05.2021
0
9712

«Ak Tam Bazary» taslamasy täze hyzmatdaşlary ― dürli hyzmatlary we harytlary hödürleýän täze bölümler bilen tanyşdyrýar.

«Sapaly Jaý» dükany ― öý we bakja üçin emeli mermerden we betondan ýasalan dürli bezeg önümlerini hödürleýär.

Dükanyň salgysy: Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köç., «Mähriban» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin: +99361077867, +99362672797.

«Älem dostlugy» kompaniýasy ulag-üstaşyr geçiriş, oba hojalyk we nebitgaz toplumy üçin ýokary tehnologiýa daýanýan enjamlary hödürleýär. Şeýle hem eksport-import, gurluşyk serişdeleri we bezeg önümçiliginde peýdaly we täsirli çözgütleri hödürleýär.

Dünýäniň dürli künjeginden öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bahbitli hyzmatdaşlyk, serişde üpjünçiligi we hyzmat ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar bilen ýakyn aragatnaşyk, uly jogapkärçilik we ýokary hil ― «Älem dostlugynyň» esasy aýratynlyklarydyr.

Kompaniýa Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň bazaryna çykmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, 2127-nji (G.Kulyýew) köçesi, 73-nji jaý.

Habarlaşmak üçin: +99363355391, +99361666606, +99312754367

«Türgen» himiki arassalaýyş merkezi köpugurly arassalaýyş hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompaniýa iň döwrebap enjamlary ulanyp, müşderilerine howpsuz tämizleýji serişdeleri hödürleýär. Tämizlemek üçin matanyň islendik görnüşinden ― jins, mahmal, keteni, ýüpek, atlas, ýüň we ş.m. taýýarlanan lybaslaryňyzy berip bilersiňiz. Tämizlikden soň lybasdaky ähli tegmiller ýok bolar we mata asyl hilini ýitirmez.

Himiki arassalaýjy merkeziň salgysy: Aşgabat şäheri, Olimpiýa şäherçesi.

Habarlaşmak üçin: +99362038977, 99362167447

«Hazar Logistik» kompaniýasy ýükleriň dürli görnüşlerini daşamakda aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

• Awtoulag gatnawy;
• Demir ýol gatnawy;
• Howa gatnawy;
• Eltip bermek;
• Konteýner ugratmak;
• Ammar hyzmaty.

Kompaniýa aşakdaky goşmaça hyzmatlary hem berýär:

• Gümrük amallaryny hasaba almak (eksport, import, tranzit, wagtlaýyn import-eksport we ş.m.);
• Ätiýaçlandyryş hyzmaty;
• Şahadatnama hyzmaty.

Mundan başga-da, «Hazar Logistik» port hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär:

• Gäminiň çalt ýola düşmegi we wagtynda barmagy;
• Ýüklemek we düşürmek işine göteriji kranlaryň ikisinden peýdalanmak mümkinçiligi;
• Gümrük amallaryny hasaba almak (resminamalaryň dogry doldurylyşyna gözegçilik);
• Harytlary (ýükleri) diňe bir deňiz arkaly däl, eýsem, beýleki ýük ulgamlary bilen Türkmenistanyň islendik nokadyna ibermek.

Gysga wagtyň içinde kompaniýa uly tejribe toplady we hyzmatdaşlaryň, wekilleriň giň toparyny döretdi.

Salgysy: Türkmenistan, Mary şäheri, Bitaraplyk köçesi, 18/7.

Habarlaşmak üçin: +99363162934.

«Aý perde» dükany perdeler üçin Türkiýeden getirilen ýokary hilli matalary we perdeleriň esbaplaryny hödürleýär. Matalaryň döwrebap toplumynyň her ýyl täzelenýändigini hem aýtmak gerek. Tikin we gurnamak işleri sowgat.Önüme iki ýyl kepillik hem berilýär.

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Parahat 3, Molodýožnaýa köçesi, 2.

Habarlaşmak üçin: +99362001666, +99362560932

Poçta: vip.serdarov@mail.ru

Instagram: @ ay_perde2020

«Gözelshop” dükany erkekler we zenanlar üçin Türkiýeden getirilen daşky we içki eşikleriň, sport aýakgaplarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Satyn alnan harytlar şähere we onuň ýakynlaryna mugt eltilip berilýär. Şeýle-de welaýatlara eltip bermek hyzmaty hem bar.

Habarlaşmak üçin telefon: +99364065067

Koreý kosmetikasynyň onlaýn dükany Günorta Koreýada öndürilen tebigy önümleri hödürleýär.

Kosmetika innowasiýa tehnologiýalaryny, ösen kosmetiki çözgütleri we patentlenen formulalary ulanyp öndürilýär. Dükanda Türkmenistanda koreý kosmetika önümlerini satmak we gyssagly eltip bermek işi amala aşyrylýar.

Sargydy ýurduň islendik şäherindäki poçta bölümlerine ýa-da müşderileriň öýüne çenli eltip bermek hyzmaty bar.

Dükan 100-den gowrak meşhur koreý markasynyň önümlerini hödürleýär. Olaryň sany yzygiderli artýar.

Önümleriň arasynda has meşhur markalaryň seýrek gabat gelýän kosmetiki önümleriniň bardygyny hem aýtmak gerek.

Bir ýyldan gowrak wagt bäri dükan 1000-den gowrak sargydy kanagatlandyrdy.

Habarlaşmak üçin: +99363754915.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň