Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar: köne telefon belgileri kibehüjümlere uçraýar

15:4512.05.2021
0
2685
Alymlar: köne telefon belgileri kibehüjümlere uçraýar

«Ferra.ru» habar gullugynyň habaryna görä, amerikan alymlary ozalky telefon belgileriniň howply bolup biljekdigi baradaky pikiri öňe sürdüler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ulanyjy telefon belgisini üýtgedende, öýjükli operator bu belgini täze müşderä geçirýär. Hut şu ýagdaý hem belginiň ozalky eýesine kiberhowpy abandyrýar. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, telefon belgilerine edilýän kibehüjümleriň 66 göterimi olaryň ozaky eýesine howp salýan eken.

Beýdilmek bilen diňe bir belginiň ozalky eýesiniň elektron maglumatlaryna hüjüm edilmän, onuň onlaýn hasaplaryna hem täsir edilip bilner.

Neşiriň habaryna görä, 259 telefon belgisinden 215-si dürli görnüşli kiberhüjümlere sezewar bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň