Aşgabatda halkara nebitgaz forumy başlady

15:2312.05.2021
0
1249

Şu gün Türkmenstanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlady.

Maslahaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» Döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, şeýle hem «Türkmenforum» Hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşlygynda hem-de «Gaffney Cline» Britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi guraýar.

Foruma 42 ýurtdan halkara nebit-gaz we maýa goýujy şereketleriň 160-dan gowragyndan 500 wekil, şeýle hem iri halkara düzümleriniň we maliýe edaralarynyň, şol sanda Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, ESKATO-nyň, Halkara energetika forumynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Ählumumy gaz merkeziniň, Gazy eksport edýän ýurtlaryň Maslahatynyň we başga-da birnäçe abraýly edaralaryň bilermenleri gatnaşýarlar.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna, nebit-himiýa taslamalaryna maýa goýmagyň we taslamalary taýýarlamagyň mümkinçiliklerine jikme-jik syn berler, öňdebaryjy halkara nebit-gaz kompaniýalary bolsa, öz garaýyşlaryny beýan ederler we tejribe alşarlar.

Duşuşykda: ählumumy energetik gün tertibini goldamakda maliýe edaralarynyň orny; turba geçiriji taslamalar az uglerodly geljege geçmegiň hereketlendiriji güýjüdir; Hazar deňziniň kenarýaka çig mal ýataklary: özleşdirmek tejribeleri we täze maýa goýum mümkinçilikleri; uglewodorodlaryň pula öwrülmegine maýa goýmagyň taslamalary – geljege nazar ýaly şu temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Forum nebit-gaz we gaz-himiýa pudaklaryndaky, şol sanda nebitdir gazy çykarmagy ýokarlandyrmaga we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň netijeli özleşdirilmegine degişli täze maýa goýum taslamalary barada maglumatlary maýa goýmaga meýilli şahslaryň dykgatyna ýetirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ähtnamalara we memorandumlara gol çekiler.

Forumda daşary ýurtly hyzmatdaşlara internet arkaly mejlisleriň ählisine gatnaşmaga, şol sanda Türkmenistanyň nebit-gaz we maliýe-ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmaga mümkinçilik dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň