Soňky habarlar

Arhiw

Lahorly dellek saç bejermekde adaty bolmadyk serişdelerden peýdalanýar

15:2212.05.2021
0
4402

Pakistanly dellek Ali Abbas müşderileriniň saçyny bejermek üçin adaty bolmadyk enjamlary ulanýar. «Euronews»-yň habaryna görä, ol Lahordaky gözellik salonynda köýdüriji çyradan, gassap gaýçysyndan we döwlen aýnadan peýdalanyp işleýär.

Abbas adaty bolmadyk iş usulyna 2016-njy ýylda girişdi. Şondan bäri onuň müşderileriniň yzy kesilenok. Aslynda, dellegiň asyl maksady hem şudy: ol adaty bolmadyk görnüşleri müşderini has köp çekmek üçin ulandy.

Özem saçyňy adaty bolmadyk usulda bejertjek bolsaň, 13 dollar tölemeli. Bu adaty bejerdeniňden iki esse gymmat düşýär.

Ali Abbas emeli saç babatynda hem ussatlyga ýetdi. Häzir ýurduň teleýaýlymlary we moda surata düşürilişikleri dellek bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň