Aşgabatdaky ekologik çäräniň dowam edýän günlerinde şahsy ulaglardan peýdalanmaga günüň haýsy wagtynda rugsat berilýär?

13:5912.05.2021
0
2144

Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde düşündiriş berildi. Bildirişde şeýle diýilýär:

«Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, tebigata aýawly çemeleşmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, 10 — 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler geçirilýär.

Awtoulagsyz günlerde awtobuslar, döwrebap taksiler ilata hyzmat edýärler. Şol günlerde şäheriçi gatnaw ilat üçin amatly bolar ýaly, ildeşlerimiz ir sagat 7:00-dan 9:00-a çenli, öýlän sagat 17:00-dan agşam 21:00-a çenli şahsy awtoulaglaryny peýdalanyp bilerler.

Bu ekologiýa çäresi paýtagtymyzda arassa howa gurşawyny döretmäge, ekologiýa abadançylygyny, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilendir».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň