Arhiw

Angliýaly futbol janköýerleri stadionlara dolanýarlar

10:4212.05.2021
0
4187

Şu ýylyň 17-nji maýyndan Beýik Britaniýanyň futbol muşdaklary stadionlara dolanyp baryp bilerler. Bu barada Premýer-ministr Boris Jonsonyň hut özüniň buýrugy bar ― diýip, «sports.ru» habar berýär.

Baryp fewral aýynda gol çekilen buýruga laýyklykda, koronowirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler ýatyrylyp, 17-nji maýdan stadionlara çäklendirilen görnüşde tomaşaçylary almak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, futbol janköýerleri Premýer-liganyň 18 ― 19-njy maýda we 23-nji maýda geçiriljek soňky iki tapgyrynyň duşuşyklaryna stadiondan tomaşa edip bilerler. Ýöne her duşuşyga diňe 10 müň janköýer goýberiler.

Ýeri gelende aýtsak, Premýer-liganyň duşuşyklary tomaşaçyly görnüşde iň soňky gezek mundan bir ýyl hem ozal ― 2020-nji ýylyň martynda geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň