AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyryň» garşydaşy Duşenbe şäherine bardy

16:5411.05.2021
0
5320

AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» bilen bir toparçada çykyş etjek Özbegistanyň «Nasaf» futbol topary düýn ýaryşa gatnaşmak üçin Täjigistana bardy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýyl yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň toparçalaýyn duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Täjigistan «F» toparçanyň duşuşyklaryny kabul etmek üçin AFK-a ýüz tutdy we bu isleg Konfederasiýa tarapyndan kanagatlandyryldy.

«Championat.asia» saýty tarapyndan berilýän habara görä, düýn gündiz sagat 12-de «Nasafyň» wekiliýeti Daşkendiň Halkara howa menzilinden Duşenbe şäherine tarap ýola düşdi. Biraz wagtdan ýaryşyň geçiriljek şäherine baran topar «Hyatt Regency» myhmanhanasynda ýerleşdi.

Ryzakul Berdiýewiň şägirtleri toparçada «Altyn asyr» bilen 20-nji maý güni duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň