AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» Täjigistana ertir, «Ahal» Gyrgyzystana birigün ýola düşer

15:5511.05.2021
0
4520

Türkmenistanyň «Altyn asyr» we «Ahal» futbol toparlarynyň wekiliýetleri Buhara şäherine gelip ýetdi ― diýip, «championat.asia» habar berýär.

Şu gün hem habar berşimiz ýaly, AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşjak toparlarymyz Aşgabat ― Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar bilen Lebap welaýatyna gelip, Farap gümrük nokady arkaly Özbegistana geçdiler.

Türkmen futbolçylary şu gün otly bilen bu ýerden Daşkentde ugrarlar. Ertir daň bilen «Altyn asyr» Daşkent ― Duşenbe howa gatnawy bilen Täjigistana, penşenbe güni bolsa «Ahal» Daşkent ― Bişkek howa gatnawy bilen Gyrgyzystana ýola düşer.

Toparlarymyzyň ikisi hem AFK-nyň kubogyndaky ilkinji duşuşygyny 14-nji maýda geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň