Soňky habarlar

Arhiw

Ýene bir kompaniýa elektrokarlaryň önümçiligi üçin smartfon öndürmekden ýüz öwürýär

15:1211.05.2021
0
7103

Aprel aýynda LG kompaniýasynyň käbir elektroniki enjamlaryň önümçiliginden ýüz öwrendigi ýadyňyzdadyr. Indi bu sanawa Wýetnamyň «Vingroup» kompaniýasy hem goşuldy.

«Ferra.ru» agentliginiň ýazmagyna görä, kompaniýa elektrikli ulaglaryň önümçiligi bilen ymykly meşgullanmak üçin smartfonlaryň we telewizorlaryň önümçiliginden ýüz öwürmäge taýýar.

Ýeri gelende aýtsak, elektronika dünýäsinde «VinSmart» telefonlary ilkinji gezek 2018-nji ýylyň iýun aýynda peýda boldy.

«Vingroup» bu kararyny dünýäniň iň öňdebaryjy elektrikli ulag öndüriji kompaniýa bolmak baradaky maksady bilen düşündirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň