Soňky habarlar

Arhiw

Tom Kruz bir sebäp bilen «Altyn globusdan» ýüz öwürdi

13:3111.05.2021
0
5800

Dünýä belli aktýor Tom Kruz «Altyn globus» baýraklaryny yzyna gaýtardy. «Kommersantyň» ýazmagyna görä, aktýor bu karary Golliwudyň Daşary ýurt metbugaty assosiasiýasynyň eminleriniň arasynda jynparaslyk meselesiniň bardygy bilen baglydyr. Şeýlelikde, Tom Kruz «Jerri Maguaýr», «4-nji iýulda doglan» filmlerindäki «Iň oňat aktýor» derejesi we «Magnoliýadaky» ikinji plandaky «Iň gowy aktýor» ugurlary boýunça berlen «Altyn globuslaryndan» ýüz öwürdi.

Golaýda «Altyn globus» baýraklary hut ýokarda görkezilen sebäp bilen tankyt edildi. Mysal üçin, NBC teleýaýlymy indiki ýyl bu baýraklaryň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermez. «Netflix» we «Amazon» kompaniýalary «Altyn globusa» hödürlenen filmlerini dalaşgärlikden çekdi.

Neşiriň habaryna görä, Golliwudyň daşary ýurt metbugat birleşigi ýakyn wagtda gurluşy döwrebaplaşdyrmagy we şeýlelik bilen ýüze çykan meseleleri çözmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň