Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:4010.05.2021
0
8080

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.

Iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Y.Gylyjow şäher häkimligi we paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýurdumyzyň baş şäheriniň şanly 140 ýyllygynyň hormatyna ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilendigini mälim etdi.

2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy aralygynda hem şäher awtobuslaryndan, taksilerinden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan başga awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Adamlaryň sagdyn durmuşy üçin amatly gurşawy döretmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen bu çäreler ilatyň giň goldawyna eýe bolýar.

Paýtagtymyzy tomus möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň döwrüň döredijilik ruhuna kybap gelmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümi barada durup geçmek bilen, çagalar üçin niýetlenen dynç alyş zolaklaryny möwsüme taýýarlamak, olarda wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin şertleri döretmek meselelerine üns berilmelidigini belledi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew «Aşgabat-sitiniň» taslamalaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutany taslamanyň hödürlenen çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini we düzedişlerini girizdi.

Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri we Oba milli maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. Milletiň Lideri hasabatlary diňläp, degişli tabşyklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzdaky ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek, galla oragyny öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni ýurdumyzda ekologik medeniýeti kemala getirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ulagyň saglyk üçin peýdaly bolan welosiped görnüşini ulanmak bilen bagly guralýan ekologik çäräniň ähmiýetini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň