Soňky habarlar

Arhiw

«Toyotanyň» täze giperkary 2022-nji ýylda satlyga çykarylar

17:5210.05.2021
0
4467

«Toyota» kompaniýasy «Toyota GR Super Sport» supergibridiniň satuwa çykaryljak senesi belli boldy.

«Mersedes-AMG One» we «Aston Martin Valkyrie» ulaglaryna bäsdeş bolup biljek täze ulag üçin sargytlar indiki ýyldan başlap kabul ediler diýip, «Daily-motor.ru» habar berýär.

Täze superkar «GR010 Gibrid» çydamlylyk ýaryş prototipine esaslanar. Onuň esasy tapawudy 500 at güýji bolan 2,4 litrlik V6 kuwwatly turbo hereketlendirijisi bolar. Şol bir wagtyň özünde ol elektrikli hereketlendiriji bilen hem üpjün ediler.

«Toyota» «GR Super Sport» modelini 2022-nji ýylda satlyga çykarar. Bu ulaga eýýäm sargytlar gelip başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň