Türkmenistanda talyp ýigitleriň arasynda bäsleşik geçirildi

13:0210.05.2021
0
6226

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Netijelere görä, baş baýraga S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Ýazdurdyýew mynasyp boldy.

Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Hezretaly Annaberdiýew birinji orny eýeledi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşik 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň