Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 15 gün awtoulagsyz gün diýlip yglan edildi

23:0509.05.2021
0
103249

Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda Aşgbatda ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy günlerinde paýtagt şäherde hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini, arassaçylyk kadalaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ekologiýa çäreleri tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr hem-de Aşgabadyň şanly 140 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň hatarynda mynasyp orun eýelär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň