Arhiw

Ilon Mask Asperger sindromyndan ejir çekýändigini aýtdy

19:0609.05.2021
0
8466

Ilon Mask NBC telelýaýlymynda «Saturday Night Live» şüweleňiniň alyp baryjysy hökmünde Asperger sindromyndan ejir çekýändigini boýun aldy. Ol öz çykyşynda «Saturday Night Live» gepleşigini alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we özüni SNL (Asperger) sindrom,y ilkinji alyp baryjy hökmünde häsiýetlendirdi.

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalaryny esaslandyryjy milliarder «Twitter»-de köplenç düşnüksiz pikirleri galdyrýandygyny hem aýtdy. «Ýöne, nädeýin, beýnim şeýle işleýär» diýip, ol bu ýagdaýy degişme bilen düşündirdi.

«Elektrikli awtoulaglary täzeden açdym we kosmos gämisinde adamlary Marsa iberdim. Hakykatdanam adaty ýigit bolaryn öýdüp pikir etdiňizmi?» - diýip Mask tomaşaçylara sowal bilen ýüzlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň