Arhiw

Şikesden gutulan Ruslan Mingazow «Ordabasy» bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

23:5708.05.2021
0
3076
Şikesden gutulan Ruslan Mingazow «Ordabasy» bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

«Kaspiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow şikesden doly gutulyp, Gazagystanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Ordabasy» bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Biziň ildeşimiziň aprel aýynda türgenleşik wagtynda şikes alandygyny ýatladýarys.

Şu möwsümde 7 duşuşyga gatnaşan Mingazow şolarda üç gezek tapawutlandy.

Ýeri gelende aýtsak, «Kaspiý» Gazagystanyň Premýer ligasynda 13 utuk bilen 8-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň