Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hindistana ynsanpewer kömegini iberer

21:5408.05.2021
0
6671

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýandygyny göz öňünde tutup, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklaryndan hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki mukaddes Oraza aýynda bu dostlukly ýurda ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, ynsanpewer kömek hökmünde ugradyljak önümleriň sanawyny kesgitlemek, şol önümleriň iberilmegini hem-de hyzmatdaş dostlukly ýurduň halkyna guramaçylykly gowşurmagy üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň