Taýlandda syýahatçylar üçin salgyt salynmagy mümkin

16:3308.05.2021
0
5065

Taýlandyň Hökümeti daşary ýurtly syýahatçylar üçin adam başyna 9,6 dollardan salgyt salmagy meýilleşdirýär. Bu barada RIA Nowosti «Bangkok Post» neşirine salgylanyp, habar berdi.

Täze düzgün 2022-nji ýylyň ýanwaryndan güýje girip biler. Patyşalygyň syýahatçylyk we sport ministri Pipat Ratçakitprakanyň sözlerine görä, bu serişdeler adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin syýahatçylyk gaznasyna gider. Şeýle hem täze düzgün koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Ministriň nygtamagyna görä, 1-nji iýulda ýurtda syýahatçylyk ulgamynyň işini dikeltmek üçin Phuketdäki «Covid-19» wakalarynyň nula düşmegi şertdir. Deslapky çaklamalara görä, indiki ýyl gelmegine garaşylýan 20,8 million syýahatçynyň syýahat salgydy 198,7 million dollar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň