Soňky habarlar

Arhiw

Diýetolog «gyşky hereketsiziligi» ýeňmegiň ýollaryny salgy berdi

15:0608.05.2021
0
5610

Gyşda, köplenç, fiziki işjeňligiň peselmeginiň netijesinde artykmaç agram ýüze çykýar. Şonuň üçin hem dietolog Arina Skromnaýa «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda bu barada maslahat berýär.

Munuň üçin sagatda 5 ― 7 kilometre çenli tizlik bilen günde 20 minut ýöremek amatlydyr. Bu ýagdaýda ýokarlygyna ýöremek has peýdaly bolar. Sebäbi bu ýagdaýda herekete has köp myşsa gatnaşýar, glýutal muskullaryň ýüki artýar, şeýle hem kaloriýa köp sarp edilýär.

Mundan başga-da, gezelenç ýerlerini saýlamak möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, mysal üçin, zalda pyýada ýöremek bilen hapa gazlary bilen gurşalan köçelerdäki gezelenjiň arasynda uly tapawut bar. Elbetde, iň oňat ýerler ýaşyl meýdançalar we arassa howaly seýilgählerde gezmek has ýakymly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň