Soňky habarlar

Arhiw

ÖTEO demirýol geçelgesi boýunça wideoduşuşyk geçirildi

14:1908.05.2021
0
1264

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň wekilleriniň nobatdaky wideoduşuşygy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» Azerbaýjanyň «Report» saýtyna salgylanyp habar berýär.

Wideomaslahata gatnaşýanlaryň üns merkezinde Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman geçelgesi (Aşgabat ylalaşygy) boýunça synag otlusynyň geçirilişini guramak meselesi boldy.

Daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýük otlularynyň gatnawyny has ýeňilleşdirmek meselesinde taraplar özara düşünişdiler. Olar şeýle-de Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň 2020-nji ýylyň 21-nji maýynda bolup geçen duşuşygynyň teswirnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň