Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň dabaralary agşam geçiriler

11:3608.05.2021
0
18982

Hökümetiň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamdow 9-njy maýda uly baýramyň — Ýeňiş gününiň bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Şu ýyl bu şanly sene beýleki uly baýramlar, ýagny Oraza aýyndaky seneler bilen gabat gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzyň däp-dessuryny, şeýle hem beýleki seneleri göz öňünde tutup, ähli dabaraly çäreleri 9-njy maýda agşam geçirmegi teklip etdi. Şol gün Bekrewedäki ýadygärlikler toplumyna gül goýlar. Soňra bolsa sadaka berlip, uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanylar.

Öňümizdäki çäreler ýurdumyz üçin möhüm wakalar bolup durýar we olar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň