Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti has möhüm ugurlar boýunça okuw maksatnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy

10:3508.05.2021
0
12734
Türkmenistanyň Prezidenti has möhüm ugurlar boýunça okuw maksatnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Geldinyýazowyň hasabatyny diňläp, dünýäni gurşap alan koronawirus pandemiýasyna garamazdan, häzirki wagtda has möhüm ugurlar boýunça täze okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga zerurlygyň ýüze çykandygyny belledi.

Döwlet Baştutany maliýe, oba hojalyk, senagat we elektron senagaty üçin hünärmenleri, halkara hukuk öwrenijileri taýýarlamagy iň wajyp ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Şeýle hem koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen häzirki ýagdaý bilen baglylykda, saglygy goraýşyň milli ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, dürli keselleriň, esasan-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň, bejermegiň häzirki zaman usullaryny öwrenmegiň hem-de giňden peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda netijeli tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmek möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň