Marokkada bir eneden birbada dokuz perzent dünýä indi

19:3507.05.2021
0
6675

Malili zenan bir wagtyň özünde dokuz çaganyň ejesi boldy. «Euronews»-yň habaryna görä, Marokkodaky Kasablanka hassahanasynda bir eneden dört oglan we bäş gyz bäbejik dünýä indi.

25 ýaşly Halima Sisse ultrases barlagynyň netijelerine görä, dogrusy, ýedi perzende garaşýardy. Hassahananyň müdiri Ýusefa Alawiniň sözlerine görä, dogluş operasiýa ýoly bilen geçirip, Sisseniň dokuz perzendi dünýä inipdir.

Täze doglan bäbekleriň agramynda 500 gramdan 1 kilograma çenli tapawut bar. Bäbekler islenilýän agramyna ýetýänçä, gözegçilikde saklanylýar.

Eje we täze doglan bäbekler özlerini gowy duýýarlar. Bu waka Ginnesiň rekordlar kitabyna girip, sekiz bäbek dünýä inen bir amerikaly zenanyň rekordy täzelendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň