Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylda Ýeriň temperaturasy soňky 3 million ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi

17:3207.05.2021
0
4320

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrişiň pikirine görä,, 2020-nji ýylda Ýer ýüzüniň temperaturasy soňky 3 million ýylyň içinde ilkinji gezek rekord derejä ýetdi. Syýasatçy geçen ýyl dürli sebitlerde howa ýagdaýlary bilen bagly betbagtçylykly hadysalaryň has köp bolandygyny, howanyň aşa gyzyp, kömürturşy gazynyň konsentrasiýasynyň iňňän ýokary derejä çykandygyny aýtdy. Hatda önümçilikden ozalkysyndan 148 göterim kän kömürturşy gazy bölünip çykdy.

Antonio Guterriş bular barada aýtmak bilen, asyryň ahyryna çenli Ýeriň ortaça temperaturasynyň häzirkisinden 2,4 dereje ýokarlanjakdygy baradaky çaklamany hem öňe sürdi.

BMG-nyň Baş sekretary bu ýagdaýy tagallalary birleşdirip ýeňip boljakdygyna ünsi çekdi. Ol bu barada «Howanyň durnuksyzlaşmagynyň ýakymsyz netijeleriniň öňüni almak we pandemiýadan gutulmagy has arassa we ýaşyl ösüş ýoluna girişmekden başlamak gerek» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň