Soňky habarlar

Arhiw

Pandemiýa fransuz diline täze sözleri goşdy

16:4907.05.2021
0
5765

Pandemiýa döwründe fransuz dili «Larousse» suratly sözlügiň 2022-nji ýyldaky neşirine giriziljek köp sanly täze sözler bilen dolduryldy. Has takygy, sözlügiň soňky nusgasyna 170 sany täze söz giriziler. Dilçileriň aýtmagyna görä, bu rekord derejedir.

Lingwistika boýunça professor Bernard Çerkiglininiň belleýşi ýaly, şeýle dil özgermeleri Fransuz ynkylaby döwründe täze sözler we manylar ýüze çykanda bolup geçdi. «SARS-CoV-2» we «Covid-19» ýaly umumy sözlerden başga-da, pandemiýa bilen baglanyşykly jemgyýetdäki üýtgeşmeleri görkezýän täze sözleriň sany ýetik.

Mysal üçin, quatorzaine (14 günlük karantin), rea (reanimasiýa ýa-da intensiw terapiýa), asymptomatique (asimptomatik), teletravailler (öýden işlemek) ýaly sözler fransuz dilini baýlaşdyrdy. Sözlük düzüjiler her ýyl metbugatda, mahabatda we internetde ýaýran müňlerçe täze adalgany kesgitleýärler. 1871-nji ýylda «Larousse» neşirinde takmynan 35 müň adalga bar bolsa, 2020-nji ýylda olaryň sany 63 müňe ýetdi diýip TASS habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň