Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda at çapyşygy geçirildi

14:0707.05.2021
0
4466

Balkan atçylyk sport toplumynda at çapyşygy geçirildi ― diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Ýaryş Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlandy.

1000 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda R.Orazowyň Gaýratly atly üçýaşar bedewine taý tapylmady. Şu aralykda geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimliginiň Seligyz atly bedewi pellehanadan ilkinji bolup geçdi.

Aralyk 1200 metre çenli ýetirilen üçünji çapyşykda tomaşaçylar Ş.Amangeldiýewiň Aýmelek atly bedewiniň ýeňşine şaýat boldular. Dördünji çapyşykda bolsa şu aralykda dört we uluýaşar bedewler ýaryşdy. Bu gezek welaýat kazyýetiniň Gerçegine taý tapylmady.

Günüň jemleýji çapyşygy hem 1200 metr aralykda geçirildi. A.Balakaýewiň Algaplaň atly bedewi hemmelerden öň gelip, arzyly baýraga eýe boldy.

Umuman, Balkan welaýatyndaky at çapyşygyna 50-den gowrak bedew gatnaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň